Berkarar döwletin täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Diýarymyzda ynsan saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär, ildeşlerimiziň arasynda baý many-mazmunly çäreler guralýar. Çünki beden we ruhy taýdan sagdynlygyň, güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň gözbaşy bolan saglyk her bir adam üçin hem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu herekete goşulýan ildeşlerimiziň hatary ýyl-ýyldan artýar. Ýurdumyzda saglyk bilen baglanyşykly amala aşyrylýan netijeli işler ekologiýa abadançylygy bilen berk baglanyşdyrylýar. Şunda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýan welosiped sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir.
Halkymyzyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda bimöçber tagalla edýän, ilatymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Aýbölek KÖRHANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler