Saglyk — baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda,  sporty ösdürmäge, ýaşlary sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmäge hem örän uly üns berilýär. Bu babatda edilýän tagallalar öz ajaýyp miwesini berýär. Ata Watanymyzda sporty ösdürmek babatynda döredilýän şertlerden, giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, döwletimiziň abraýyny belende göterýän türgenlerimiziň sany ýylsaýyn artýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen saglygyň sakasy bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara, dünýä ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolmaklaryny gazanmak maksady bilen ähli mümkinçilikler döredilýär. Beýleki ugurlar bilen birlikde bedenterbiýäni we sporty barha ösdürmek işlerinde hem Milli Liderimiz, Arkadagly Serdarymyz ýaşlara şahsy görelde, halypa bolýarlar.

Bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň usullarynyň kämilleşmegi, sportuň täze görnüşleriniň döremegi sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklarynyň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Sport jemgyýetiň ahlak kadalarynda we gymmatlyklar ulgamynda-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Çünki bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga diňe bir saglygyňy goramagyň hem berkitmegiň ýoly däl-de, eýsem, ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýüze çykmagynyň öňüni almagyň möhüm serişdesi hökmünde-de garalýar.

Jennet TIRKIŞMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok