Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, güýç-kuwwatyň çeşmesi bolan sport ýurdumyzda giň gerim bilen ösdürilýär. Häzirki wagtda sport işjeňliginiň raýatlarymyzyň gündelik durmuş kadasyna öwrülýändigi, ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygy ählimizi buýsandyrýar. Elbetde, bu sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde dünýäde belent ykrarnama eýe bolan Garaşsyz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilmeginiň, döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenmeginiň aýdyň netijesidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesi we sport ösüp gelýän ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr» diýen sözlerinden ugur alynýar.
Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan ähli ugurlarda bolşy ýaly, sportda hem ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýar . Şonuň esasynda hem, häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň ençeme döwleti bilen sport boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Sport hyzmatdaşlygy ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň dowamynda kabul edilýän resminamalarda hem öz mynasyp ornuny tapýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze öwüşgine eýe bolmagy bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, umuman, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy däpleri mynasyp dowam etdirilýär.
Selbi GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler