Ýazyşyňdaky ýaly ýaşamasaň ýa-da ýaşaýşyň ýaly ýazmasaň, ýazýanyň çöl üstünden ösýän gury ýel ýaly gurak bolar.
* * *
Günüň kuýaş-nury bilen jümle-jahany ýagtylandyryşy ýaly, ýürekden çykýan, mylakatly aýdylan hoş söz we güler ýüz hem ähli köňülleri ýagtylandyrýar.
* * *
Diňlemekde öňde bol, geplemekde — soňda. Ine, şonda sen gowy adam bolup ýetişersiň.
* * *
Doň suwy gyzyl köz eredýär, doň ýüregi — gyzyla gaplaýmaly süýji söz.
* * *
Agzyňdan içi ýakýan boş söz däl-de, jana ýakýan hoş söz çyksyn.
* * *
Kebşirleýji enjamyň simi ýaly sähel söze uçganaklap, ot çabradyp durma. Sähra ýaly giň göwrümli bol!
* * *
Ýerliksiz yhlas bilen oturanlary güldürmäge gyzygyp, olary öz üstüňden güldürýändigiňi duýman galaýma!
* * *
Toý paýy berlen düwünçek ýaly, düwlen ýumrugam dessine açmagy başarmaly.
Orazgylyç ORAZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler