Häzirki wagtda «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli 8 sany çeper halyçylyk kärhanalary elde dokalýan haly we haly önümlerini öndürýärler. Şeýle hem, müşderileriň buýurmasy esasynda, dürli nagyşly, reňkli we ölçegli halylar Birleşigiň tejribeli hünärmenleri tarapyndan öz wagtynda taýýarlanyp berilýär.

Taýýar önümler Birleşigiň «Türkmenhaly» söwda merkezi tarapyndan alyjylara hödürlenilýär. Şol bir wagtyň özünde hem haly we haly önümleri Ýewropa, Aziýa ýurtlaryna, Amerika, başga-da dünýäniň ençeme ýurtlaryna ugradylýar. Türkmen haly önümleriniň söwdasy lomaý hem bölekleýin görnüşde amala aşyrylýar.
Şeýle-de, ýurdumyzyň islendik künjeginden bolan alyjylar türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden dörän nepis el halylaryny we haly önümlerini turkmenhali.gov.tm internet saýty arkaly hem satyn alyp bilerler. Satyn alnan taýýar önümler 7 iş gününiň dowamynda gowşurylýar.
Teswirler