Türkmenistan Hytaýyň «Bitewi Hytaý» syýasatyna berk eýerýär

Şu gün, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýokary derejedäki duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti duşuşygyň dowamynda, daşary syýasatda Türkmenistanyň we Hytaýyň ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine, syýasy, milli, dini ekstremizme, separatizme, terrorçylyk wehimlerine garşy durmakda çemeleşmeleriniň ýakyndygyny, Hytaý Halk Respublikasynyň çäk bitewüligine hem-de jebisligine dahylly ýagdaýlara öz garaýyşlaryny hemişe anyk we kesgitli beýan edýändigini we «Bitewi Hytaý» syýasatyna berk eýerýändigini belläp geçdi.

Teswirler

Rovshen

"Bitewi Hytaý" syýasatynyñ maksady we mazmuny name? Iñlis dilinde nähili atlandyrylýar? Habarda maglumatlar doly berseñiz has makul bolar diýip pikir edýän