Dünýä halklarynyň çaý däpleri

Dünýäniň ençeme halklarynyň iň söýgüli içgileriniň biri hem çaý bolsa gerek. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çaý içmek däbi tutuş dünýä swilizasiýasynyň medeniýetine kök uran özboluşly dessurdyr. Bu özboluşly däp üstümizdäki ýylda ÝUNESKO-nyň dünýä sanawyna hem girizildi. Geliň, dünýä halklarynyň çaý içmek dessury bilen bagly dürli däplerine seredip geçeliň.

Angliýa. «Süýtli çaý» ýa-da «Five o’clock Tea» diýlen jümleleri eşideniňde Angliýa ýadyňa düşýär. Angliýanyň ilaty günüň dowamynda 5 bulgur çaý içýärler. Adatça, olar gyzdyrylan süýdüň üstüne çaý guýmak bilen, şeýle edilende çaýyň tagamy has ýumşak duýulýar diýip düşünýärler.

Hytaý. Köp ilatly bolan hytaýlylarda çaý içmek dessury müňlerçe ýyllap özboluşlylygyny hem aýratynlygyny saklap gelipdir. Olaryň çaý däbinde bulguryň tutulyşynyň hem täsin taraplary bar. Hytaýda çaý dessury mukaddes däp hasaplanylýar. Hytaýlylar çaý taýýarlanlarynda çaýy ilki «gaýwan» diýlen ýörite bulgura guýup, şol bulgurdan hem çaý içýän bulgurlaryna geçirýärler.

Tibet. Çaý tibetlilerde «Çasuýma» diýlip atlandyrylýar. Bu içgi öz tagamy boýunça turşumtyk bolup, ol tibet halkynyň milli içgisidir. Ýerli halk bu milli içgini çaý ýapraklaryny şol sebitde duş gelýän ýak öküziniň süýdüne goşup, birnäçe sagat goýmak arkaly taýýarlap, hödür edilmeziniň öň ýany oňa ýag ýa-da duz goşup berýärler. Turşumtyk tagamy bolan bu çaý kaloriýa baý hem-de güýç-kuwwat beriji häsiýete eýedir.

Ýaponiýa. Ýaponlarda çaý içmek sungaty samuraý elitalarynyň döwründen bäri meşhurlyga eýe bolupdyr. Ýaponiýada çaý içmek däbine örän inçelik bilen garalýar. Olarda bu däbiň şu güne çenli ýüzlerçe görnüşli düzgüni ýüze çykypdyr. Ýaponlar her gün nahardan öň ýa-da nahardan biraz soň birnäçe bulgur çaý içýärler. Olarda çaýyň gapdaly bilen dürli süýjülikleri äbermeklik adaty ýagdaý hasaplanmaýar.

Türkiýe. Bu ýurt hem çaýy gündelik durmuşynda köp ulanýan ýurtlaryň biri hökmünde bellidir. Türk halkynyň ilatynyň her bir ýaşaýjysy bir ýylyň dowamynda ortaça 2,5 kilogram töweregi çaý satyn alýar. Bu ýurtda toý-baýramlary hem, ikiçäk gürrüňleri hem çaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Olar çaýy «çaýdanlyk» diýlip atlandyrylýan iki gat çäýnege demläp, «armudu» diýlip atlandyrylýan aýna bulgurda içýärler. Içine bolsa şeker ýa-da miwe kişdeleri goşulyp içilýär.
käbir sebitlerinde çaýy kaşaň hem owadan gaplarda içmeklik ýörgünli bolup durýar.

Mawlýuda MAMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok