Dürli miwedir gök önümler ýylyň islendik möwsüminde islendik ýaşdaky adam üçin peýdalydyr. Aýratyn hem, gyş paslynda howanyň sowuk günlerinde dürli miweleri, gök önümleri köpräk möçberde iýmek saglygymyz üçin ýaramly bolup durýar.
Armyt. Düzüminde C hem-de D witaminlerini, iýmitlik süýümi köp saklaýanlygy bilen tapawutlanýar. Iýmitlik süýüm bolsa iýmit siňdiriş synalarynyň işleýşine, bedendäki holesteriniň derejesini peseltmäge we artykmaç agramdan dynmaga ýardam edýär. Şeýle hem armyt az kaloriýalylygy bilen hem bellidir.
Banan. Onuň düzüminde adamyň DNK-nyň takmynan 50% -ini emele getiriji birleşmeler saklanýar. Bu datly miwe stresiň derejesini peseltmäge, gaýgy-gussany azaltmaga goltgy berýän kaliý elementine, öýjükleri berkitmäge we gurmaga ýardam edýän B6 witaminine diýseň baý miwedir.
Üzüm. Özüniň süýji tagamy, şireliligi we lezzetli tagamy bilen köp taraplaýyn ulanylýan miweleriň biri hem üzümdir. Bu peýdaly miwäniň düzüminde C witamini köp toplanýar. Ol witamin bedeniň immunitetini ýokarlandyrmaga, süňkleri berkitmäge we dürli sebäplere görä dörän şikesleri çalt bejermäge ýol açýar.
Ter gök otlar. Düzümi boýunça ýokumly minerallara, peýdaly birleşmelere örän baýdyr. Olar dürli işdäaçarlaryň, tagamlaryň hem bezegidir. Işdäni açmaklyk bilen birlikde gök otlaryň ynsan saglygyna ýetirýän peýdaly täsiri hemmetaraplaýyndyr.
Apelsin. Gyş miweleriniň sanawynda esasy orunlaryň biri hem apelsine degişlidir. Ol sitrus miweleriniň bir görnüşi bolmak bilen, saglyk üçin diýseň peýdalydyr. Onuň düzüminde D witamini köp bolup, apelsinden taýýarlanylan şire has hem peýdaly gyş içgileriniň biridir.
Nar. Köpleriň söýgüli miwesi bolan nar köp sanly antioksidantlary öz içine alýar. Nar öz peýdaly häsiýeti bilen düwnük keselleriniň öňüni almaga kömek edýär. Gyşky iýmitleniş düzgünlerinde yzygider nary peýdalanmaklyk saglyk üçin ýaramly ýagdaýdyr.
Ýokarda ady agzalan we beýleki ähli miwedir gök önümler gyş paslynda saglyk üçin iň bir peýdaly iýmitler bolmak bilen çäklenmän, eýsem olar bereketli saçaklarymyzyň hem bezegidir.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler