Steve Jobs tarapyndan ýasalan «Apple-1» satyldy

ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýasy «Apple»-iň ilkinji önümi bolan «Apple-1» atly kompýuter 1976-njy ýylda kompaniýanyň esaslandyryjylary Steve Jobs we Steve Wozniak tarapyndan işlenip düzüldi we satuwa çykaryldy.

Jemi 200 sany öndürilen we şol döwürde 666 dollara satylmagy teklip edilen «Apple-1» kompýuteri golaýda rekord bahadan özüne alyjy tapdy. 78 belgili «Apple-1» kompýuteri bäsleşikli söwda-da 442 müň dollara satyldy. Şeýle hem bäsleşikli söwda-da «Apple-1» kompýuteri bilen birlikde «Apple Cassette Interface» atly ulanyjy gollanmasy, «ASCII» klawiaturasy şeýle hem goşmaça we açyk çarçuwaly «Sanyo 4205» monitory hem satyldy.

Satuw «Apple»-iň hünärmeni Corey Cohen tarapyndan amala aşyryldy.Bary-ýogy 200 sany öndürilen «Apple-1» kompýuteriniň häzirki wagtda diňe 60-70 sanysynyň galandygy çaklanylýar.

Mundan ozal hem «Apple»-iň ilkinji önümi bolan dürli belgili «Apple-1» kompýuterleri ýokary baha özüne alyjy tapypdy.

Belläp geçsek, «Apple» kompaniýasynyň iň ajaýyp we ilkinji önümlerinden biri bolan «Apple-1» kompýuterlerini kompaniýanyň muşdaklary şeýle-de öýünde kiçi sergi meýdançasyny we muzeýi döretmek isleýän adamlar tarapyndan alynýar.

Täçnabat GULBERDIÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok