2023-nji ýyl Halkara «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýyly diýlip kabul edildi

Golaýda ýagny 6-njy dekabrda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 45-nji umumy mejlisiniň 77-nji sessiýasy geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen 2023-nji ýyly Halkara «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýyly diýip atlandyrmak baradaky Kararnama kabul edildi.

Türkmen wekiliýeti «2023-nji ýyl – Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» Kararnamanyň taslamasynyň ähli konstruktiw pikirleri we teklipleri göz öňünde tutup, BMG agza ýurtlaryň arasynda geçirilen köp sanly maslahatdan soň taýýarlanandygyny aýtdy.

Bu resminamada BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksatlary we ýörelgeleri, ilkinji nobatda jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözamek borjuny we geljekki nesilleri uruş howpundan halas etmek tutanýerliligini görkezýär. Kararnamanyň taslamasy, öz içine birnäçe meseleleri alýan gepleşikleriň dürli görnüşleriniň agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Kararnamanyň taslamasyny hödürläp, Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň geçirilýändigini belledi. Onuň kararnamanyň taslamasynda nygtalyp geçilen temalar boýunça giňişleýin pikir alyşmak üçin platforma bolar hem-de 2023-nji ýylda Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň hatyrasyna ählumumy kampaniýasynyň goýberilmegine esas bolup hyzmat eder.

Türkmenistanyň wekiliýeti ähli agza ýurtlary we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň edaralaryny ýakyn wagtda geçiriljek foruma işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Ara alyp maslahatlaşmadan soň bu karar ylalaşyk esasynda kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşy bolup guramanyň 68 agza-döwleti çykyş etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok