Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä ýurtlary bilen ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde uly aladalar edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli, kämil pikirli, maksada okunly bolmagy ugrunda ähli amatlyklar döredilýär. Ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler häzirki wagtda öz ajaýyp miwelerini berýär. Döwrebap bilim ojaklarynda kämil ylym alýan ýaş nesilleriň kalplary bagtyýar döwrümize bolan çäksiz söýgi bilen gurşalyp, olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Geçmiş taryhymyzdan hem belli bolşy ýaly, ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar. Ylymly adamlaryň paýhasdyr pähimine eýeripdirler. Şol nukdaýnazardan hem nesilleriň bilim gorunyň berkligini gazanmak üçin uly alada edipdirler. Ylym – bu zehin kämilligini açýan hazyna bolup, ol zehiniňi ýitileşdirmäge ýardam berýär. Ylym kämilligiň gözbaşydyr. Ol ynsany üstünliklere, aňyny hem kämil düşünjelere besleýär. Ylym-bilim almak bahasyz baýlyga eýe bolmakdyr. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ýagty ertirini gurujylar bolan ýaş nesillere uly ynam bildirýär. Olaryň okamaklary, döretmekleri we ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaklary üçin ähli gerekli şertleri döredip berýär. Bu bolsa ýaşlarda okamaga, bilim almaga bolan belent hyjuwy kemala getirýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Watanymyz dünýä ýurtlary bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlyklary saklaýar. Bu işjeň gatnaşyklar, özara tejribe alyşmalar bilim syýasatynyň barha rowaçlanmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde bilim işgärleriniň, mugallymlaryň, ýaş hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekde uly işler öňe sürülýär. Ençeme ýaş alymlarymyz dürli ugurlar boýunça ylmy işleri hem-de ylmy taslamalary bilen meşgullanyp, ylmyň öňdebaryjy usullaryny giňişleýin we içgin öwrenýärler. Ylym binýadyny berkitmeklige uly ähmiýet berýän aýdyň maksatnamalar Berkarar döwletimizde bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň hem işleriniň ilerlemegine, ösüp gelýän ýaş nesillere berilýän bilimiň kämil bolmagyna, kämil hem täze, ösen tehnikalardan baş çykaryp bilýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga uly itergi berýär.
Bagtyýar döwrümiziň bagtly nesilleriniň bilim binýadyny berk gurýan hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli bolmagy ugrunda beýik tutumlary alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun!
Aýna ATAJUMAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler