Koronawirus dörän ýeri Wuhana gaýdyp geldi

Koronawirusyň ilkinji gezek dörän ýeri bolan Wuhan we başga-da birnäçe şäherler Hytaýyň lideri Si Szinpiniň «Zero-Covid» syýasaty sebäpli karantine girdi.

Wuhan şäherindäki 800 müňden gowrak adama 30-njy oktýabra çenli öýde galmak tabşyryldy. Hytaýda yzly-yzyna üçünji gün müňden gowrak täze wakanyň ýüze çykandygy mälim edildi.

Şu aýyň başynda, Si Szinpin öňe süren «nol Covid» syýasatyny «wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin halk söweşi» diýip atlandyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok