Dünýädäki ilkinji asma köpri

Dünýäniň ilkinji asma elektrik demir ýoly Germaniýanyň Wuppertal şäherinde gurlan «Wuppertal Schwebebahn» hasap edilýär. 1898-nji ýylda gurluşygyna başlanan bu demir ýol, 1901-nji ýylyň 1-nji martynda Wuppertal ugry açylyp ulanylmaga berilýär. Şeýle hem bu ilkinji asma demir ýol ulgamy Elberfeld, Barmen, Wohwinkel şäherlerini Wuppertal şäheri bilen birleşdirmek maksady bilen guruldy.

«Wuppertal Schwebebahn» ilkinji asma ýolunyň uzynlygy 13,3 kilometr bolup, onuň 10 kilometri Wupper derýasynyň üstünden geçýär. Asma demir ýoluň galan bölegi bolsa, 8-12 metr belentlikden şäherdäki köçeleriň we jaýlaryň üstünden geçipdir. Jemi 20 bekedi bolan ýerden ýokardaky polat gurluş arkaly ýylda ortaça 25 milliona golaý ýolagçy gatnadylyp, ol işe girizilenine 121 ýyl bolan jemgyýetçilik ulagyny «VRR» kompaniýasy dolandyrypdyr. Ilkinji beketden soňky bekede çenli ýokary tizligi 60 kilometre ýetýän otly bilen 30 minutda gelip bolýar.

Mundan başga-da, ýokarda hereket edýän ulagda şäheriň owadan ýerlerini synlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, bu demir ýol wagonynyň uzynlygy 24 metre deň bolup,  oňa jemi 178 ýolagçy ýerleşipdir. Emma bu asma demir ýoly ýokarda saklaýan könelen sütünleriň çalşyrylmagy, wagonlaryň täzelenmegi, demir ýol ulgamynyň düýpli abatlanmagy sebäpli, bir asyrdan hem köpräk taryhynyň dowamynda birnäçe gezek işini togtatmaly bolýar.

Orazmät REJEPOW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok