Grenlandiýa adasy Antarktida ýaly buz bilen örtülen bolup, onuň umumy meýdany 2,130,800 inedördül kilometre barabardyr. Şeýle hem Grenlandiýa dünýäniň iň uly adasy bolmak bilen, ol Atlantik we Arktika ummanynyň arasynda ýerleşýär. Mundan başga-da, Grenlandiýanyň 80%-den gowrak çäkleri buzluklar bilen örtülip, bu ýerde bary-ýogy 57,600 adam ýaşaýar. Bu ýerde ýylyň köp böleginde adanyň howasy ýokary derejede sowuk bolup, tomsuna – 10, gyşyna bolsa, – 45 derejä çenli sowuk bolýar.
Grenlandiýa ajaýyp tebigy gözelliklere baý syýahatçylyk merkezi hem hasap edilýär. Ýagny, Şa zenany Margaret ýadygärligi, Jegeda öýi, Arktika bagy, Sungat muzeýi, Grenlandiýanyň milli muzeýi we Santa Klaus öýi adanyň iň owadan ýerleridir. Şeýle hem. adada dünýäniň iň haýran galdyryjy gözelligi bilen birlikde, polýar aýylaryny, ýüzlerçe görnüşli guşlary synlap, ak kitleriň meşhur aýdymlaryny diňläp lezzet alyp bolýar.
Grenlandiýa hakynda gyzykly maglumatlar:
- Grenlandiýanyň buz gatlaklaryny hasaba alanyňda, ol Antarktidadan soň dünýäde ikinji orunda durýar;
- Grenlandiýada şäherleri birleşdirýän ýol ýok;
- 2004-nji ýylda Grenlandiýadaky «Ilulissat Ice Fjord» buzlugy, polýar sebitiň daşyndaky iň uly buzluk bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi;
- «Demirgazyk-gündogar Grenlandiýa» atly milli seýilgähi demirgazykda ýerleşen dünýäniň iň uly milli seýilgähidir;
- Grenlandiýada balykçylyk ilatyň esasy girdeji çeşmesi hasap edilýär;
- Grenlandiýanyň 2,130,800 inedördül kilometre uzaýan meýdanynda 57,600 adam ýaşaýar;
Baýmyrat ARAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler