Ylmy-barlaglar – üstünlige badalga

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy täzeçe röwüşde ösdürilýär. Ýaşlaryň ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaklary, kämil hünärli bolmaklary ugrunda edilýän işleriň gerimi barha giňeýär. Biz hem, Türkmen oba hojalyk institutymyzda halypa-mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda ylmy işler bilen meşgullanyp, ylym-bilim gorumyzy has-da artdyrýarys. Alyp barýan ylmy işimizde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň toprak-howa şertlerinde mekgejöweni sprinkler arkaly ýagyş ýagdyrmak usulynda suwaryp, sarp edilýän suwuň mukdaryny azaldyp, mekgejöwenden bol hasyl almak we ony suwarmagyň kämilleşdirilen täze tehnologiýasyny işläp düzmekligi içgin öwrenýäris. Ýurdumyzda beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda, mekgejöwen suwarylanda köp mukdarda suw harçlanýandygy sebäpli, ony sprinkler arkaly ýagyş ýagdyrmak usulynda suwarylanda kadaly suwarmaklyk we şonuň hasabyna suw tygşytlamak meselesini çözmekde bu alnyp barylýan barlag işiniň önümçilige hödürlenýän usuly möhüm ylmy-önümçilik ähmiýete eýedir. Ylmy edebiýat çeşmelerini seljermek arkaly, mekgejöwen tohumlaryny takyk usulda ekmek bilen, sprinkler arkaly ýagyş ýagdyrmak usulynda suwarylyşynyň, ekiniň gögerişine, ösüş derejesine, hasyl toplaýşyna, hasylynyň hiline edýän täsirini kesgitlemek, şeýle-de önümçilige ornaşdyrmaga teklip bermek bu alyp barýan ylmy-barlag işimiziň esasy wezipesidir. Bu ylmy-barlag işimizde ilkinji gezek ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň şertlerinde bu usulda suwarmak arkaly sarp edilýän suwuň mukdaryny azaltmak we berilýän mineral dökünleri ergin ýagdaýda ýaprakdan berip, adaty bejergi işlerini aradan aýryp, bol hasyl almagyň usuly kesgitlenildi.

Bu usulyň esasy artykmaçlyklary:

  • suwuň tygşytly ulanylmagy;
  • ýerleri tekizlemek zerurlygynyň aradan aýrylmagy;
  • suw bilen bilelikde ekine döküni we himiki serişdeleri hem berip bolýanlygy;
  • zeýkeş ulgamyny talap etmeýänligi;
  • suw tutulyşyny doly awtomatlaşdyryp bolýanlygy;
  • topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýanlygy.

Ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary bilen bilelikde alyp barýan bu ylmy-barlag işimiz üstümizdäki ýylyň maý aýynyň 5-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan «TP 06.002666» bellik bilen resmileşdirildi. Ýene-de belläp geçmeli zadymyz, alyp barýan bu ylmy-barlag işimiz boýunça ýörite taslama maketini hem taýýarladyk.

Biz talyp-ýaşlara, şeýle bagtyýar döwürde okamaga, halal zähmet çekmäge, döretmäge şeýle hem ylmy işler bilen meşgullanmaga ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok