S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 19-24-nji sentýabry aralygynda Ekologiýa hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde uniwersitetiň talyplarynyň we proffessor mugallymlaryň gatnaşmagynda sergi gurnaldy. Mundan başga-da hepdelikde talyplar Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine gezelenç gurnadylar. Gezelenjiň çäginde uniwersitetiň II, III we IV ýyl talyplarynyň arasynda «Tebigat biziň öýümiz» atly bäsleşik geçirildi. Ýaryşa 100-e golaý talyp işjeň gatnaşdy.
Hepdeligiň dowamynda Aşgabat şäheriniň 143-nji we 144-nji orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylary bilen bilelikde uniwersitetiň talyplary, ýokary okuw jaýynyň haýwanat muzeýine gezelenç etdiler. Mundan başga-da hepdelikde «Gül-gunçaly diýarym» atly güllerden kompozisiýa ýasamak bäsleşigi gurnaldy.
Daşky gurşawy goramak boýunça edilýän bu çäreler ýurdumyzyň ýaşlarynyň we uniwersitetiň talyplarynyň aňynda tebigata bolan çuňňur sarpany has hem berkider.
Ekologiýa hepdeliginiň ahyrynda hepdelige işjeň gatnaşan we bäsleşiklerde ýeňiji bolan fakultetler hem-de talyp ýaşlar sylaglanyldy.
Teswirler