Saud Arabystany 2023-nji ýylda zenan kosmonawtlary kosmosa ibermäge taýynlanýar

Saud Arabystany 2023-nji ýylda öz kosmonawtlaryny kosmosa ibermek üçin okuw meýilnamasyna başlajakdygyny we bu meýilnamanyň çäklerinde zenan kosmonawtlary hem kosmosa iberjekdigini mälim etdi.

Düýbi Houstonda ýerleşýän «Axiom Space» kompaniýasy bilen Saud Arabystanyň kosmos gullugy, 2023-nji ýylda öz kosmonawtyny kosmosa ibermek barada şertnama baglaşdy.

Saud Arabystanynyň kosmos gullugynyň beren beýanatynda: «Saud Arabystany kosmos meýilnamasy – 2030 meýilnamasy, adamzada has gowy hyzmat bermek maksady bilen öz kosmonawtlaryny kosmosa iberer.» – diýip belläp geçdi. Saud Arabystany Patyşalygy üçin taryhy taýdan möhüm waka öwrüljek zatlaryň biri hem kosmosa uçuryljak kosmonawtlaryň zenan bolmagydyr.

Belläp geçsek, kosmosa ilkinji syýahat eden Saud Arabystanynyň raýaty, 1985-nji ýylda «NASA» tarapyndan uçurylan Saud Arabystanynyň şazadasy Soltan bin Salmandyr.

Jennet HOJANAZAROWA,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok