Baltika deňziniň aşagyndan geçýän «Demirgazyk akym» gaz liniýasynda näbelli sebäplere görä partlama boldy. Netijede müňlerçe kub metr gaz suwuň üstünden ýokarlygyna çykyp, howa giňişligine ýaýrady. Bu ýagdaý kosmosdan hem göründi.
Häzirki wagtda bu gaz liniýasynyň partlan ýerini bejermek we mundan beýläk goraglylygy üpjün etmek üçin Norwegiýa hökümeti haýal etmän herekete geçdi. Norwegiýa mundan beýläk jogapkär liniýalaryň howpsuzlygyny has-da ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.
Hünärmenler, partlamany gazyň syzmagy netijesinde bolup geçendigini çaklaýarlar.
Teswirler