Häzirki wagtda dünýäde öndürilýän şekeriň 30 göterimi şugundyrdan alynýar. Bu diňe bir şeker almak maksat bilen däl-de, iýmit hökmünde hem giňden ulanylýar. Kaliý, demir, magniý, C we B witaminlerine baý bolan bu gök ekin, ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Süýji tagamly şugundyryň birnäçe görnüşi häzirki wagtda giňden ýaýran. Olaryň goýy gyzyl, ak, sary reňklisi bolýar. Ýylyň dowamynda saçaklarymyzy owadanlyk bilen bezeýän şugundyryň adamyň jan-saglygy üçin peýdasy örän köpdür. Şugundyryň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý elementleri bar. Şeýle-de onuň düzüminde B topara degişli ýokumlar köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary hem dyrnaklaryň, saçlaryň berk we deriniň oňat bolmagyna, şeýle-de nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Mundan başga-da düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök-önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Ondan başga-da, şugundyryň düzüminde demir we ýod köp. Mysal üçin, ony gipertoniýa (ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy) keselinde iýmek peýdalydyr. Muny ýasamak üçin şugundyryň şerbetini we ary balyny deň möçberde garyp içgi ýasap, ony bulguryň dörtden biri möçberinde günüň dowamynda birnäçe gezek içmek bolar.
Şeýle-de, şugundyrda betanin ýaly madda bolup, ol düwnük (rak) çişleriniň emele gelmeginiň öňüni alýar. Şugundyr näçe goýy boldugyça, onuň düzüminde şonça-da betanin köp bolýar. Ýöne şugundyryň şerbetini aşa köp mukdarda içmek maslahat berilmeýär. Sebäbi ol böwreklerde agyry döredip bilýär. Eger-de, böwreklerde daş bar bolsa, onda şerbet olaryň üýtgemegine getirip biler. Düzüminde bar bolan ýokumly maddalar bolsa ganazlygy bejermäge giňden ýardam edýär. Şugundyr iç gatamada peýdasy uly bolup, içegede näsazlyklar ýüze çykanda peýdalanylýar.
Şugundyryň iýmitlik hökmünde ulanylýan gyzyl görnüşinden başga-da, 15 töweregi görnüşi duş gelýär. Gyzyl şugundyryň şiresi adam saglygy üçin örän ýokary peýdasy bolup, lukmanlar tarapyndan saglygy bejermekde maslahat berilýär. Gant şugundyry bolsa, adatça şeker almak üçin senagat taýdan ulanylýar. Onuň düzüminde 12-20 % saharoza bolup durýar. Şeýle-de mallar üçin iýmlik şugundyr hem bolýar.
Gurbannazar ORAZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler