B12 witamini, ganyň emele gelmegi we nerw ulgamynyň işlemegi ýaly bedendäki birnäçe biologiki proseslere möhüm gatnaşyjydyr. Gözleriň aklarynyň sarylygy, bu gematopoezde B12 witamininiň möhüm roly, ýagny gyzyl gan öýjükleriniň gatnaşmagy bilen baglanşyklydyr. B12 ýetmezçiligi, gyzyl süňk ýiliginde bu öýjükleriň emele gelmeginiň bozulmagyna we gandaky sanynyň azalmagyna hem sebäp bolýar. Mundan başga-da, Angliýanyň Milli saglyk gullugynyň hünärmenleri B12 ýetmezçiliginde gyzyl gan öýjükleriniň ýok edilmegi sebäpli derä, gyjyndyrmalara we gözleriň ak reňkine köp mukdarda pigment bilirubiniň gana çykýandygyny tassykladylar.
Görüşiň bozulmagy B12 witamini, nerw ulgamynyň ,,Siminiň’’ bir görnüşi bolan nerw öýjükleriniň aksonlaryny gurşap alýan miýeliniň sintezine gatnaşýar. B12 witamininiň ýetmezçiligi newrologiki netijelere, şol sanda optiki nerwiň zaýalanmagyna sebäp bolup biler. Ýagny, bu ýagdaýda görüşiň aýdyňlygy bozulýar, gözüň öňünde ,,Duman’’ duýgusy emele gelýär. Göz gabaklarynyň gyşarmagy we spazmlary B12 witamininiň ýetmezçiligini hem görkezip biler, ýöne hünärmenler munuň bu maddanyň ýetmezçiliginiň gaty seýrek ýüze çykýandygyny aýdýarlar.
Şyhmyrat BAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler