Dewisiň kubogy hakynda

  • Tennis boýunça ilkinji gezek Amerikada 1900-njy ýylyň 8-nji awgustynda «Uly tennis boýunça halkara ýaryş» ady bilen ýaryş geçirilip, Duaýt Dewis bu ýaryşyň ýeňijisine gowşurylýan kümüş kubogy ýörite 1000 amerikan dollaryna taýýarladypdyr.
  • 1945-nji ýylda Duaýt Dewisiň hatyrysyna «Uly tennis boýunça halkara ýaryş» ady «Dewisiň kubogy» diýen at bilen çalşylypdyr.
  • Dewisiň kubogy ýaryşynyň ilkinji ýeňijisi Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr.
  • Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Britan adalary bu ýaryşa gatnaşan ilkinji ýurtlardyr.
  • Dewisiň kubogy ugrundaky ýaryşda iň ýokary tizlikli urgy 253 km/sag bolup, bu görkeziji Jon Iznere degişlidir.
  • Bu ýaryşda iň ýaşuly we ýaş oýunçy 66 we 13 ýaşynda bolup, olaryň ikisi hem San-Marino döwletindedir.
  • Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Çehiýa döwleti ýaryşyň taryhynda bu bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp gelýärler.
  • Dewisiň kubogyny almak boýunça geçirilýän ýaryşlarda dünýäniň ilkinji 10-lugyna girýän döwletler: Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Şwesiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Russiýa, Çehiýa, Italiýa.
  • 2015-nji ýylda Souza bilen Maýeriň arasyndaky oýun 6 sagat 43 minut dowam edip, bu ýaryşyň taryhynda iň uzaga çeken oýundyr.
  • Garward uniwersitetiniň talyplary öz wagtynda Dewisiň kubogy ýaryşyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürüpdirler.
  • Dewisiň kubogy ýaryşynyň 100 ýyllygyna 129 döwletden ezber tennisçiler gatnaşdy.
  • 1905-nji ýylda Dewisiň kubogyny almak boýunça geçirilýän ýaryşlara başga ýurtlardan hem gyzyklanma bildirýän tennisçiler gatnaşyp başladylar.

Rahym ANNAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok