- Tennis boýunça ilkinji gezek Amerikada 1900-njy ýylyň 8-nji awgustynda «Uly tennis boýunça halkara ýaryş» ady bilen ýaryş geçirilip, Duaýt Dewis bu ýaryşyň ýeňijisine gowşurylýan kümüş kubogy ýörite 1000 amerikan dollaryna taýýarladypdyr.
- 1945-nji ýylda Duaýt Dewisiň hatyrysyna «Uly tennis boýunça halkara ýaryş» ady «Dewisiň kubogy» diýen at bilen çalşylypdyr.
- Dewisiň kubogy ýaryşynyň ilkinji ýeňijisi Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr.
- Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Britan adalary bu ýaryşa gatnaşan ilkinji ýurtlardyr.
- Dewisiň kubogy ugrundaky ýaryşda iň ýokary tizlikli urgy 253 km/sag bolup, bu görkeziji Jon Iznere degişlidir.
- Bu ýaryşda iň ýaşuly we ýaş oýunçy 66 we 13 ýaşynda bolup, olaryň ikisi hem San-Marino döwletindedir.
- Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Çehiýa döwleti ýaryşyň taryhynda bu bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp gelýärler.
- Dewisiň kubogyny almak boýunça geçirilýän ýaryşlarda dünýäniň ilkinji 10-lugyna girýän döwletler: Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Şwesiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Russiýa, Çehiýa, Italiýa.
- 2015-nji ýylda Souza bilen Maýeriň arasyndaky oýun 6 sagat 43 minut dowam edip, bu ýaryşyň taryhynda iň uzaga çeken oýundyr.
- Garward uniwersitetiniň talyplary öz wagtynda Dewisiň kubogy ýaryşyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürüpdirler.
- Dewisiň kubogy ýaryşynyň 100 ýyllygyna 129 döwletden ezber tennisçiler gatnaşdy.
- 1905-nji ýylda Dewisiň kubogyny almak boýunça geçirilýän ýaryşlara başga ýurtlardan hem gyzyklanma bildirýän tennisçiler gatnaşyp başladylar.
Rahym ANNAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler