Gündelik durmuşymyzda sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň adam saglygyna peýdalydygy bilermenler hem-de lukmanlar tarapyndan yzygiderli beýan edilýär. Hakykatdan-da, gündelik durmuşymyzda beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegiň köp sanly howply döremeleriň-de öňüni almaga ýardam edýändigi anyklandy. “Globo” gazetiniň habar bermegine görä, gündelik fiziki maşklaryň alsgeýmer keseliniň ösüşiniň öňüni almaga ýardam berýändigi mälim edildi.
Rio-de-Žaneýro federal uniwersitetiniň hem-de Kingston şäherindäki Patyşa uniwersitetiniň alymlary bu ugurda gemrijileriň üsti bilen birnäçe tejribe işlerini geçiripdirler. Geçirlen tejribeleriň netijesinde bolsa, alymlar fiziki maşklaryň ýerine ýetirilýän döwründe emele gelýän irizin gormonynyň diňe bir ýaglary däl-de, eýsem, beýnimize hem oňyn täsir ýetirýändigini anykladylar.
Fiziki maşklaryň oňyn netije bermegi üçin näçe wagt meşgullanmagy babatda anyk maglumat berip bolmaz. Emma fiziki işjeňliligiň beýniniň işleýiş ulgamy üçin örän peýdalydygyny aýtsa bolar. Sport maşklarynyň görnüşleri-de möhüm däl, gündelik ýagdaýda dowam etmek esasy zat bolup durýar. Alymlaryň pikirine görä, bu açyş düzüminde irizin saklanýan dermany ýasamaga mümkinçilik berer. Ol hem käbir sebäplere görä, fiziki maşklary ýerine ýetirip bilmeýän adamlaryň peýdalanmagyna şert döreder.
.
Merdan ORAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň
Sowadyjy kompressor maşynlary we desgalary hünäriniň II ýyl talyby.
Teswirler