Garward uniwersitetinde işleýän gözlegçiler topary, stresiň saçlary nädip agardýandygy barada oňaýly netijä geldiler.
Stres saçyň agarmagyna sebäp bolýar. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli munuň näderejede dogrudygy we eger şeýle bolsa, bedeniň haýsy mehanizmleriniň stres, saçlaryň agarmagyna getirýändigi entek belli edilmändi. Garward uniwersitetinde işleýän gözlegçiler topary, stresiň saçlary nädip agardýandygy barada ilkinji netijelere ýetdi.
Stres tutuş bedene täsir edýändigi sebäpli, ilki bilen kesgitlenmeli zat, haýsy ulgamyň stresiniň saçyň reňkine täsir edýändigini anyklamakdyr. Gözlegçiler ilki bilen stresiň immunitet ulgamyna täsir edýändigini we immun öýjükleriniň pigment öndürýän öýjükleri (reňk berýän himiki serişdeleri) öldürende saçyň garalmagynyň ýüze çykýandygyny pikir etdiler. Muňa degişli synaglar syçanlarda geçirildi. Emma bu netije bermedi.
Gözlegçiler dürli alternatiwalary yzygiderli synagdan geçirenden soň, simpatiki nerw ulgamynyň üstünde işläp başladylar. Netijeler aşa gaharlanmagyň we stressiň saçlardaky öýjüklere täsir edip olaryň düşemegine we agarmagyna getirýändiginiň üstüni açdy.
Ogulşat ANNAMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler