Alymlar: “Bir bulgur suw akyl derejesini ýokarlandyrýar”

Iňlis gözlegçileri adaty suwuň adamyň akyl derejesini ýokarlandyryp biljekdigini synag arkaly subut edip bilendiklerini habar berdiler.

Alymlar adamlar ertirlik naharyndan soň derrew synaga gatnaşyjylarda aň-bilim synaglaryny geçirdiler. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, alymlar adaty içilýän agyz suwunyň akyl-paýhasy güýçlendirýär we IQ-ni ýokarlandyrýar diýen netijä geldiler.

Gözlegçileriň pikiriçe, akyl derejesiniň ýokarlanmagy içilýän suwuň haçan we näçe mukdarda içilýändigine bagly bolup durýar.

Belläp geçsek, adam beýnisiniň takmynan 60%-i suwdur. Pikirleniş ukybyny has-da berkitmek üçin ýeterlik suw kabul etmek zerurdyr. Ýeterlik suw içmezlik beýnimize zyýanlydyr. Adam bedeninde suw ýetmezçiligi bolsa, beýni öýjükleri we beýleki nerw öýjükleri kiçelýär we öýjükli aragatnaşyk bilen baglanyşykly biohimiki prosesler haýallaýar.

Günde adata görä, 7-8 bulgur suw içmeli. Suwy kadaly kabul etmek adam bedenini sazlaşykly hereket etmegine ýardam berýär.

Hojamberdi WELMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok