Pyrtykal gabygynyň deri üçin peýdasy

Gyş aýlarynda islendik ýaşdaky adamlar üçin örän söýülip iýilýän miwe pyrtykaldyr. Pyrtykal adatça, daşy ýagny gabygy aýrylyp iýilýär. Geçirilen täze gözlegler pyrtykal gabygynyň derä örän peýdalydygyny ýüze çykardy.

Pyrtykal gabygynda içindäki miweden has köp C witamini bar. Köplenç pyrtykal gabygy aýrylýar we zyňylýar, bu ysly gabyklaryň zyňylmaly däldigini ýatdan çykarýarys. Bu üýtgeşik miwedäki antibakterial häsiýetler olary derini bejermek tertibine ajaýyp goşant goşýar.

 Belläp geçsek, pyrtykal gabygy düwürtikli deri üçin derini ideg etmegiň ajaýyp maddasydyr. Olarda kalsiý, kaliý we magniý ýaly möhüm minerallar bar. Gabyklar ölen öýjükleri täzeden dikeldip, derini nemlendirýär.

Pyrtykal gabygy, käbir beýleki goşundylar bilen birlikde, ýumşak we tebigy ýalpyldawuk derini üpjün etmäge kömek edýän balzamlary, ýüz maskalaryny, arassalaýjylary taýýarlamak üçin hem ulanylyp bilner. 

Derini ideg etmek üçin pyrtykal gabygynyň käbir peýdalary:

  • Derini arassalaýar;
  • Öli öýjükleri ýok edýär;
  • Derini täzeleýär we aýdyňlaşdyrýar;
  • Wagtyndan öň garramagyň öňüni alýar;
  • Deridäki gerekmejek yzlary (ýakal, düwürtik yzlary) aýyrýar.

Rahat Berdiýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok