Witaminleri we minerallar

Witaminler we minerallar esasy ýokumly maddalardyr. Bular bedenimiz üçin zerurdyr, emma proteinlere, uglewodlara we ýaglara garanyňda az mukdarda gerekdir.

Bedenimiz kiçijik molekulýar bölejikler bolan öýjüklerden ybarat. Olaryň daşyny ýagly membrana gatlagy örtýär. Olar ýangyç hökmünde uglewodlary ulanýarlar we olaryň öndürýän molekulalary belok görnüşinde yzyna dolanyp gelýär. Şonuň üçin bedenimize köp mukdarda ýaglar, uglewodlar we beloklar zerurdyr, emma bedenimiz az mukdarda hem bolsa mikroelementleri talap edýär. Witaminler we minerallar bedenimizdäki suwuklygyň deňagramlylygyny saklamaga kömek edýän, gysga we uzak aralyk signallaryny iberýän we dokumalary güýçlendirmäge we dikeltmäge kömek edýän fermentler we gormonlar ýaly zerur molekulalary öndürýärler.

Witaminler organiki madda bolup, janly organizmler arkaly emele gelýär, emma minerallar organiki däl madda bolup, köplenç metallarda we toprakda duş gelýär. Adam bedeni bulary özünden öndürip bilmeýär. Şonuň üçin biz bulary iýmit arkaly almalydyrys.

Witaminleriň ereýjiligine laýyklykda iki görnüşi bardyr. Ýagda ereýän witaminler ýagly iýmitlerde, süýt önümlerinde, ýumurtgada, bagyrda we balykda duş gelýär we bedenimiziň içindäki ýaglarda hem bardyr. Bu ýetmezçiligiň öňüni almaga kömek edýär, emma köp iýmeklik zyýanly bolup biler. Suwda ereýän witaminler bedenimizde saklanmaýar. Olar ir-iýmişlerde, gök önümlerde, däne we süýt önümlerinde duş gelip, artykmajy peşew ýoly bilen çykýar.

Mergen JORAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok