Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny toplumlaýyn esasda taýýarlamak boýunça maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzda ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, döwlet derejesinde bedenterbiýäni we sporty goldamak, wagyz etmek hem-de ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz gysga wagtyň içinde dünýä we yklym derejesindäki möhüm halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň sport arkaly parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýan nusgalyk başlangyçlary bilen Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi ýaly iri halkara sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde parahatçylygy we abadançylygy alamatlandyrýan sport toýuna — Parižde geçiriljek Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.
Arslan ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler