Türkmenistan koronawirusyň täze mutasiýalarynyň ýaýramagyna garşy göreşi güýçlendirýär

Türkmenistanyň Prezidenti, 10-njy ýanwarda 2022-nji ýylyň sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Onda wise-premýer, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy S.Toýlyýew ýurdumyzda pandemiýa garşy göreş çäreleriniň hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylmagy we bu çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Wise-premýer Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýän maglumatlara görä, bütin dünýä howp salýan koronawirusyň “omikron” görnüşiniň ýüze çykarylandygyny we onuň ýurdumyz bilen serhetleşýän goňşy döwletlerde epidemiologik ýagdaýy döredýändigini belläp, häzirki döwürde durnukly epidemiologik-saglyk abadançylygyny mundan beýläk-de gorap saklamak, ýurdumyzyň çägine ýiti ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, ulgamlaýyn görnüşde degişli çäreleriň yzygiderli we güýçli depginde dowam etdirilýändigini hem-de möhüm çözgütleriň kabul edilýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, saglygy goraýşyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we ählumumy ýokanja garşy göreşmek işinde dünýäniň ösen tejribesini giňden ulanmak, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok