Ilat hakynda edilýän alada

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde her bir to­ýuň ýo­ka­ry de­re­je­de toý­lan­ma­gy we hal­ky­my­zyň baýram­çy­lyk ru­hu­nyň has be­len­de gö­te­ril­me­gi ug­run­daky aladalar bar­ha ro­waç­lan­ýar. Şu günler Diýarymyzyň ähli künjegi barha ýakynlaşýan Täze ýylyň şatlyk-şowhunly dabaralaryna beslenýär.

«Sahawatly söwda» diýlip atlandyrylýan çäre Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan söwda we dynç alyş merkezlerindäki dükanlarda geçirilýär. Bu günlerde çagalar, erkekler we zenanlar üçin egin-eşikler, çaga oýunjaklary, mekdep harytlary we garyşyk harytlar arzanladylan bahalardan ilata hödürlenilýär.

Gahryman Arkadagymyz Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da 25-nji de­kabr­dan gel­jek ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ry­na çen­li ba­zar­lar­da we dü­kan­lar­da se­na­gat hem-de azyk haryt­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk sa­tu­wy­ny gu­ra­mak, adamla­ryň do­gan-ga­ryn­daş­la­ry we ýa­kyn­la­ry üçin sowgat­la­ry alar ýa­ly hem-de Tä­ze ýyl baý­ra­my­ny go­wy ge­çi­rer ýa­ly, kä­bir ha­ryt­la­ryň ba­ha­sy­ny 50 gö­te­ri­me çen­li ar­zan­lat­mak ba­ra­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry «Döw­let adam üçin­dir!» diýen baş şy­ga­ryň ýe­ne bir ýo­la aý­dyň da­ba­ra­lan­ma­sy bol­dy.

Saglyk RAHMANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok