2022-nji ýyl dünýäde iň yssy ýyllaryň biri bolar

Angliýanyň milli howa gullugy “Met Office” tarapyndan geçirilen gözleglere görä, indiki ýyl temperatura öňküden ortaça 1,09 dereje ýokary bolar.

“Met Office”-iň uzak möhletleýin çaklamalar bölüminiň başlygy Adam Skaife, çaklama netijeleriniň parnik gazlarynyň dünýäniň temperaturasyny ýokarlandyrýandygyny aýtdy.

Bu çaklama, global howanyň “esasy hereketlendirijilerine” esaslanýar, ýöne bu gelnen netijeler uly wulkan atylmagy ýaly garaşylmadyk wakalary öz içine almaýar.

“Met Office”-iň 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryndaky maglumatlar, dünýädäki ortaça temperaturanyň takmynan 0.03 dereje peselendigini görkezdi. Milli howa gullugy, 2000-nji we 2020-nji ýyllar aralygynda global temperaturanyň 0,7 dereje ýokarlandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan “Bloomberg” habar saýty, bu üýtgeşmäniň dünýädäki ekin hasylynyň 30 göterim azalmagyna we azyk önümleriniň isleginiň çalt ýokarlanmagyna sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

Iňlis ýürek we öýken transplantasiýasy hirurgy Bill Frist has aşa we üýtgeýän temperaturanyň adamyň saglygyna oňaýsyz täsiriniň ýokarydygyny belläp geçdi. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin häzirki wagtda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

Tylla ATAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok