Ýurdumyz koronawirusyň “omikron” görnüşine garşy göreşi güýçlendirýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalary bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyza ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň (koronawirus) aralaşmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak babatda alnyp barylýan işlere seredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu meselede hiç haçan arkaýynlaşmaly däldiklerini belläp, häzirki döwürde koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň döreýändigini, hususan-da, köp sanly ýurtlarda täze “omikron” görnüşiniň ýaýrap başlandygyny, bu ýokançlygyň ýurtdan ýurda ýaýramagynyň ýollarynyň bellidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz onuň adamlaryň we harytlaryň serhetden geçmegi arkaly ýaýraýandygyny mälim etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok