Et bilen iýmitlenýän ösümlikler köplenç öndürijiliksiz toprakda ýaşaýan ýyrtyjylar hasaplanýar. Köpümiz sosial ulgamlarda bu ösümlikleriň iýmit üçin nädip duzak gurýandyklaryna şaýat bolandyrys. Elbetde, bu ösümlikleriň nähili ýagdaýda ewolýusiýa geçirendigi entek anyk däl.
Et iýýän ösümlikler köplenç çybynlar, sülükler, mör-möjekler, hatda syçanlar ýaly haýwanlary iýmäge ukyplydyrlar. Geliň olaryň käbiri barada durup geçeliň!
Pinguicula vulgaris – köplenç batgalyklarda duş gelýän ýyrtyjy ösümlikdir. Ýapraklaryndaky kiçijik tüýleriň kömegi bilen ýyrtyjyny kesgitleýär we ýelmeşýän suwuklygyň kömegi bilen ýapylýar. Soň bolsa ýyrtyjyny bölünip çykýan iýmit siňdiriş fermentleri bilen siňdirip başlaýar.
Brocchinia Reducta – Wenesuela, Gaýana, Kolumbiýa we Braziliýa ýaly döwletlerden tapylan ýyrtyjy ösümlik. Ýaşyl ýapraklarynyň kömegi bilen fotosintez edip bilýär, şol bir wagtyň özünde mör-möjeklere we beýleki haýwanlar bilen hem iýmitlenip bilýär. Bu ösümlik adaty ösümlige meňzeýär, ýöne mör-möjekleri siňdirmek üçin iýmit siňdiriş fermentleriniň ýerine bakteriýalary, ýyrtyjyny ýok etmek wezipesini ýerine ýetirýär.
Drosera Rotundifolia – muňa başgaça güneş güli hem diýilýär. Bu ösümlik Demirgazyk Amerikanyň, Demirgazyk Ýewropanyň, Sibiriň we Ýaponiýanyň batgalyklarynda duş gelýär. Ösümlik diýseň ýyrtyjy bolup, özüniň açyk reňklerinden başga-da, mör-möjekleriň ünsüni çekmek üçin süýji nektar bölüp çykarýar.
Annamyrat AMANGULYÝEW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler