Geljegiň iň arzan energiýa çeşmeleri ýel we gün energiýalary bolar

Täze gözlegiň netijesine görä, ýene birnäçe ýyldan iň arzan energiýa çeşmeleri ýel we gün energiýalary bolar diýlip çaklanylýar. “Neo-Carbon Energy”-iň ýolbaşçylygyndaky bu gözlegiň netijesine görä, gün elektrik energiýasynyň bahasy 2025-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli ýarym esse peselip biler.

 Geçen ýylyň ahyrynda tamamlanan gözlegde gaty gyzykly çaklamalar hem bar. Gözlegleri geçirýän alymlaryň çaklamalaryna görä, Aziýanyň iň uly energiýa bazarlary üçin energiýa önümçiliginiň iň arzan görnüşi 10 ýylyň içinde ýel we gün energiýasy bolar. Sebäbi gaýtadan dikeldip bolýan energiýa çeşmelerinden energiýa almak Aziýa üçin iň arzan usul bolup durýar.

 Ykdysady ukyplylyk, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak we olaryň bäsdeşlik bazarynda kabul edilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Gözlegçiler geljekki meýilnamalarda, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň bahasy her gezek iki esse ýokarlananda 20% azaljakdygyny bellediler. Elbetde, şu nukdaýnazardan geljekde iň arzan energiýanyň gaýtadan dikeldip boljak çeşmelerden alynjakdygyny ýüze çykýar.

Gözel ROZYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok