Tebigatda almazyň emele gelişi

Almaz ýer ýüzünde iň gaty we iň gymmatly materiallaryň biri hökmünde tanalýar. Dünýäniň dürli künjeklerinden gazylyp alynýan almaz möhüm maddy ähmiýete eýe. Şonuň üçin köp adam almazyň emele gelmegi bilen gyzyklanýar. Geliň onda almazyň nähili emele gelýändigini öwreneliň!

Almaz, arassa ugleroddan emele gelýän dünýädäki iň möhüm materiallaryň biridir. Almaz ýakylanda çykarylýan kömürturşy gazy, almazyň gelip çykyşynyň ugleroddan gelendigini görkezýär. Almazyň iň möhüm aýratynlygy, onuň örän gatylygydyr. Almaz diňe 3547 gradus temperaturada eräp bilýär.

Almaz nähili emele gelýär?

  • Almaz belli bir temperaturada we basyşda emele gelýär. Bu emele geliş, ýeriň gabygynyň aşagynda, ýeriň özenine ýakyn ýerde ýüze çykýar. Almazyň wulkan hereketleri we ýer titremesi bilen ýer ýüzüne çykýandygy mälimdir. Käbir ýerlerde derýadaky çägeler bilen garyşýandygy sebäpli köp adam muny aňsatlyk bilen tapyp biler. Almaz köplenç daglardan köwlüp alynýar.

Dünýäniň iň gymmatly maddasy bolan almaz, dürli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar:

  • Dünýäniň tebigy magdanlarynyň arasynda iň gatysy;
  • Arassa ugleroddan emele gelen kristal görnüşli mineral gurluşy bar;
  • Ýokary geçirijiligi bilen ýylylyk şöhlelendiriji hökmünde tanalýan material.

Almazyn emele gelmegi, ýeriň özenine gaty ýakyn ýerde bolup geçýär. Onuň emele gelmeginiň esasy, uglerod esasly gurluşyň ýokary temperatura we basyşa täsir etmegidir. Şeýle-de bolsa, almazyň emele gelmeginde kömüriň paýy ýok. Kömür çökündi gaýa bolup, ýer ýüzünde ýygnanan ösümlik galyndylaryndan emele gelýär.

Ruhşat ABDULLAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok