ARKADAGLY DÖWRÜMIZIŇ WASPY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylyny mynasyp atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly halkara başlangyçlary esasynda tamamlanyp barýan 2021-nji ýyl parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylyna öwrüldi. Agzybir halkymyz geljek 2022-nji ýyly bolsa, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmagy biragyzdan goldady.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan ösüşleriň batly depginleri biziň ýaşaýşymyzyň derejesini has belende galdyrýar, durmuşymyzyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu günki gün eziz Diýarymyz bereket çeşmesine, bolçulygyň mekanyna öwrüldi. Ata-babalarymyzyň agzybirlik, parahatlyk baradaky ýol-ýörelgelerine ygrarly türkmen halky öz çekýän yhlasly, halal zähmetiniň hözirini görýär. Diýarymyzda amala aşyrylýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik başlangyçlar rowaçlyklara beslenýär. Halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy, öndürijilikli hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur bolan ähli döwrebap şertler döredilýär.

Milli Liderimiz hemişe halkyň arasynda, hemişe halk bilen bile. Hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasy, synmaz erki, sahawatly, päk kalby bilen ýurduny, halkyny, ýaşlary belent derejä ýetirdi. Türkmenistany ähli arzuwlaryň hasyl bolýan bagtyýar ülkesine öwürdi. Türkmeniň milli ýolunyň dünýäde ykrar edilmegini gazandy. Mukaddes türkmen topragyndaky asudalygyň, bir pursat hem gowşamaýan ösüşleriň, geljege barýan ýoluň ýagtylygynyň asyl manysyny milli Liderimiziň mähriban Watanymyza, ata-babalardan miras galan türkmeniň mizemez ýoluna bolan uly we mäkäm ynamyndan agtarmak, halkyň kalbyndan gözlemek bolar. Sebäbi bu beýik işler şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny, abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan bimöçber işleriniň giňden wasp edilmegi türkmen halkynyň abraýyna abraý goşýar. Şonuň üçin hem paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň bagtyýar ilatynyň, dürli pudaklarda döredijilikli zähmet çekýän hünärmenleriň täze ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmagy teklip etmegi halkymyzyň ruhuny belende galdyrdy.

Milli Liderimiz bagtly zamanany esaslandyryp, halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýar. Geljek ýylyň şeýle atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi halkyň erk-isleginiň nyşanyna öwrülýär.

Kadyr GURDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok