Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi mümkin däl zatlaryň mümkin bolmagyna getirýär. Mahabat bolsa köp kompaniýalar üçin möhüm girdeji çeşmesidir. Sosial media kompaniýalarynyň köpüsi, esasanam “Facebook” we “Twitter” ulanyjylara ýygnan maglumatlary bilen ýörite mahabatlary görkezýärler.
Massachusetts Tehnologiýa Institutynyň we Garward we Monreal uniwersitetleriniň üç gözlegçisiniň geçiren gözlegleri, mahabat pudagynyň geljekde has ýokary derejä çykyp biljekdigini görkezdi. Gözlegçiler, marketing kompaniýalarynyň mahabatlary adamlaryň düýşlerine ýerleşdirip biljekdigini düşündirýärler.
“Aeon” diýip atlandyrylýan žurnalda uky we adamy tanamak boýunça ýöriteleşen gözlegçileriň paýlaşan makalasyna görä; satyjylaryň 77% -i soňky 3 ýylda “düýş mahabaty” tehnologiýasyna maýa goýup başlady. Şeýlelik bilen, kompaniýalar uky we düýşler arkaly müşderileriň satyn alyş häsiýetini üýtgedip bilerler.
Munuň üçin beýnä ýa-da bedene çip we şuňa meňzeş tehnologiýalar oturdylmaz. Kompaniýalar düýşlerimize täsir etmek we islendik önümi görmäge mümkinçilik bermek üçin ukudan öň ýa-da uky wagtynda beýnini gyjyndyryjy stimulýatorlardan peýdalanylar. Muňa, ýatyljak wagty telefonda ýa-da telewizorda görkeziljek wideo mysal bolup biler.
Kerim AMANNAZAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.
Teswirler