Türkmenistan YHG agza ýurtlary energiýa we transport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen YHG-niň 15-nji sammitinde hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryny ulag we energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy. Bu bolsa ýurdumyzyň ulag we energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy iň möhüm ileri tutulýan ugurlaryň arasynda görýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz YHG-niň 15-nji sammitinde: – «Häzirki döwürde bu ugurlar ählumumy ykdysady ösüşiň aýgytlaýjy esasy hökmünde çykyş edýär» – diýip, belledi.

Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda energetika we transport ulgamlaryny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek baradaky aladalaryndan nyşandyr.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ilatly ýerlerini elektrik energiýasy  bilen üpjün etmek we yşyklandyrmak  boýunça energoulgamlar täzelenilýär. Şonuň netijesinde energetika  senagatynyň  önümçilik kuwwatlyklary  birnäçe esse  artdy. Munuň özi  diňe bir ýurdumyzdaky  sarp edijileri elektrik energiýasy bilen dolulygyna üpjün etmek bilen çäklenmän,  eýsem goňşy döwletlere ibermäge hem mümkinçilik berýär. 

Şeýle-de ýurdumyzda transport we ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmegi ugrunda edilýän aladalar, Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň barha rowaçlanýandygynyň şeýle hem uzak taryhy döwürde ýurdumyzyň çäginden yklymyň halklaryny we döwletlerini birleşdiren ýollaryň täzeden janlanýandygynyň, has dogrusy gadymy “Beýik Ýüpek” ýolunyň täzeden dikeldilýänliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Meňlikişi JUMAGULYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit wegaz uniwersitetiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok