Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymyna beren interwýusy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erimiň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň barşynda Döwlet baştutany dürli görnüşdäki sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerini, dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny beýan etdi. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz bu iki ýurduň doganlyk häsiýetini belläp, hut şu «doganlyk» sözi Garaşsyz döwletler hökmünde iki ýurduň gatnaşyklarynyň ilkibaşdan we häzirki günlere çenli syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ulgamda, halkara giňişlikde tutuş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigini aýratyn nygtap, geçen asyryň ahyrynda türkmen döwletiniň emele geliş döwründe Türkiýäniň Türkmenistana beren goldawyny türkmen halkynyň hiç wagt ýatdan çykarmajakdygyny, hem-de dünýä ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edendigi, Aşgabatda özüniň diplomatik wekilhanasyny açandygyny belläp geçdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alandan bäri ýeten beýik sepgitleri, üstünlikleri, ösüşleri barada, hususan-da, türkmen-türk gatnaşyklaryň yzygiderli sazlaşykly ösýändigini belläp geçip, geljekde döwletara gatnaşyklaryň has hem pugtalanmagy ugrynda birnäçe derwaýys işleriň amala aşyryljakdygyny nygtap geçdi.

Myhman hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, umumadamzat bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuwlap, wagt tapyp duşandygy, «TRT World» teleýaýlymyna interwýu berendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Arslan SYÝAHATOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministriliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok