“Bitcoin” we “Ethereum” ýene-de iň ýokary derejä ýetdi

Kripto walýuta dünýäsiniň meşhurlygy gün geçdigiçe artýar.  Şu ýylyň başyndan bäri kripto walýuta ulanyjylarynyň sany iki esse artdy.

Kripto walýuta bazaryndaky iň uly iki walýuta bolan “Bitcoin” we “Ethereum” soňky birnäçe günde iň ýokary derejä ýetdi. “Bitcoin” 69 müň dollar bolan bolsa, “Ethereum” 4868 dollara ýetdi.

20-nji oktýabrda 67 müň dollar bolup rekord goýan “Bitcoin”, şu hepdäniň başynda başlanan ýokary hereketi bilen täze rekord goýdy. “Bitcoin” 68,524 dollara ýetip, iň ýokary derejä çykdy.

Bu görkezijiden kän wagt geçmänkä iň meşhur ikinji walýuta bolan “Ethereum” hem 4,868 dollar derejesine ýetdi.

Kuwwat AKGAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok