Geçen çärýek asyryň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygy özüni netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hakyky dostluk, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde görkezdi.
Häzir Türkmenistanyň abraýly guramalar bilen gatnaşygy howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, gender deňliginiň meselelerine çenli, ekologiýa meselesinden başlap, migrantlaryň hukuklaryny goramaga çenli ähli ulgamlary diýen ýaly gurşap alýar. BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda gün tertibine döwrüň möhüm meseleleri girizilen iri halkara maslahatlar ençeme gezek geçirildi. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça halkara maslahat, BMG-niň Merkezi Aziýadaky ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli halkara maslahat, «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly ýokary derejeli halkara maslahat, Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat, Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty we beýlekiler bar.
Bitaraplyk derejesi Türkmenistana halkara ynsanperwer işleri, hususan-da, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek etmäge gatnaşmak üçin oňaýly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyz BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasyny Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy, Halkara Migrasiýa Guramasynyň agzasy bolmak bilen, bu çylşyrymly ählumumy meseleleriň çözülmegine goşant goşýar. Bu bolsa Aşgabatda geçirilen «Musulman dünýäsinde bosgunlar» atly halkara maslahatda hem-de migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahatda beýanyny tapdy.
Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm maksatnamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär, öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirmäge taýýardygyny görkezýär.
Yhlas ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň binagärlik-gurluşyk
fakultetiniň dekanynyň okuw
işleri boýunça orunbasary.
Teswirler