Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şu ýyl eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolanyna 26 ýyl bolýar. Geçen döwrüň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler bitirildi. Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, birnäçe halkara guramalaryň agzasy boldy. Munuň özi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha artyp, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän hoşniýetli gatnaşyklarynyň rowaç alýandygyny subut edýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýakyn goňşy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça taraplaryň eýeleýän ornunyň ýakyndygy halkara derejede netijeli gatnaşyk etmäge berk binýat bolup durýar.
Türkmenistan Diýarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, şeýle hem, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler we dünýäniň beýleki ençeme döwletleri bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy täze hil derejelerinde ösdürýär hem berkidýär. Bu bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň parahatçylygy berkitmek işine mynasyp goşant goşmaga şeýle-de ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply döwlet hökmündäki abraýynyň bütindünýä ykrarnamasy bolup durýar.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler