Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekmek dabarasyna Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda geçirilip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» diýlen 15-nji Maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen.

Türkmeniň kalby ýaly giň tebigat, hakykatdan-da, jadylaýjy, ruhuňy galkyndyryjy güýje eýedir. Sähralaryň täsin gözelligi, onuň goýnunda ösüp ýetişýän ösümlikler halkymyzyň bereket bolçulygynyň gözbaşy hasaplanýar.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, ilkibaşky keşbi gorap saklamak hem-de sähralaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Watanymyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň seýilgähleriniň çäkleriniň giňeldilmegi adam üçin oňaýly howanyň emele gelmegini üpjün edýär.

Belläp geçsek, 2020-nji ýylda 25 million bag nahallary ekildi, 2021-nji ýylda bolsa 30 million sanysynyň ekilmegi meýilleşdirilýär.

Amangözel  MÄMEDOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok