BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Şu ýyl eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolanyna 26 ýyl bolýar. Geçen döwrüň içinde ýurdumyzda asyrlar barabar işler bitirildi. Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, birnäçe halkara guramalaryň agzasy boldy. Munuň özi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha artyp, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän hoşniýetli gatnaşyklarynyň rowaç alýandygyny subut edýär.

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we sebitde durnuklylygyň saklanmagy, halkara hyzmatdaşlygyň has giňden ösdürilmegi babatyndaky meseleler Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň çuň pähim-paýhasa ýugrulan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanda hukuk we dünýewi döwletiň kämil binýady kemala getirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi dünýä ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk syýasy we hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen durnukly ösüşi üpjün etmek babatyndaky ýörelgä berk eýermek bilen, syýasy-diplomatik we ykdysady çäreleri has-da işjeňleşdirýär. Şuňa görä-de, häzirki wagtda biziň ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy berkitmekde möhüm orny eýeleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Diýarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, şeýle hem, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler we dünýäniň beýleki ençeme döwletleri bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy täze hil derejelerinde ösdürýär hem berkidýär.

Parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanyp, bedew bady bilen okgunly öňe barýan hemişelik Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply döwlet hökümindäki abraýy barha artýar. Anyk aýtsak, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan ,,Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” rezolýusiýasy biragyzdan kabul edildi. Ýurtlaryň 47-si bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Rezalýusiýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam berýänligi beýan edilýär. Bu taryhy çözgüt biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň parahatçylygy berkitmek işine mynasyp goşant goşmaga ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply döwlet hökmündäki abraýynyň bütindünýä ykrarnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmak üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli asylly başlangyçlary rowaç alsyn!

Muhammetmurat NARMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

                                        

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok