“News Photo Awards. A Changing World” atly halkara bäsleşik geçirilýär

Ýurdumyzyň fotožurnalistleri “News Photo Awards. A Changing World” atly halkara bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu bäsleşik  Russiýanyň “TASS” habar gullugy tarapyndan guralýar.

Bäsleşik 4 ugur boýunça geçiriler. Ýagny:  habarlar (“News”), adamlar we durmuş (“People & Lifestyle”), saglygy goraýyş (“Нealthcare”) we daşky gurşaw (“Environment”)

Her ugur boýunça iki ýeňiji saýlanar — Iň gowy ýekeleýin fotosurat we iň gowy fotosuratlar tapgyry. Bäsleşigiň baş baýragy mowzugy has aýdyň açyp görkezýän iň gowy fotosurata gowşurylar.

“News Photo Awards. A Changing World” bäsleşiginiň netijeleri 2022-nji ýylyň mart aýynda yglan ediler. Oňa gatnaşmak üçin resminamalar 2021-nji ýylyň 24-nji dekabryna çenli bäsleşigiň web saýtynda kabul edilýär.

Jeýhun MUHYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok