Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň zolak ýaryşynda ýeňiş gazandylar

Bahreýniň Isa-Town şäherinde geçýän Dewisiň Kubogy ugrunda zolak ýaryşynda Türkmen tennisçileri üçünji gezek ýeňiş gazandylar. Ildeşlerimiz Yragyň we Mongoliýanyň ýygyndy toparlaryny birmeňzeş – 3:0 hasabynda utandan soň, jemleýji oýunda dünýä tennis görkezijisinde 118-nji orny eýeleýän Omanyň toparyndan hem şeýle hasap bilen üstün çykdylar.

Türkmenistanyň tenis ýygyndysy bäsdeşleriniň ählisini utup, «В» toparda 1-nji orny eýeledi. Toparda ikinji orny eýeläniň haýsy topar boljakdygyny Yragyň we Mongoliýanyň ýygyndylarynyň 22-nji oktýabrdaky duşuşygynda belli bolar.

Utulan-çykdy tapgyryň oýunlaryndan güýçýli toparlaryň üçüsi indiki ýyl Aziýa we Okeaniýa III zolagynyň toparynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Daýanç MATNAZAROW,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok