Sanly ulgamyň rowaçly ösüşi

Gahryman Arkadagymyz özüniň her bir çykyşlarynda ylym-bilimiň iň soňky gazananlaryny durmuşymyza doly ornaşdyrylmalydygyny we olardan kämil baş çykaryp bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň aýratyn möhümdigini belleýär. Hormatly Prezidentimiziň şu tabşyryklary esasynda ýurdumyzda kabul edilen “Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” şu ugurda goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda diňe bir ylym-bilim pudagynda däl, eýsem, ähli pudaklarda diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamy doly derejede ýola goýuldy. Ähli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, internet ulgamynyň sanlaşdyrylmagy, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bu ulgama düýpli girişilmegi bularyň aýdyň mysalydyr. Munuň özi halkymyzyň durmuşynyň has-da bolelinleşmegine, ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna uly itergi berýär.

Döwrebap ösen innowasion sanly jemgyýeti kemala getirmäge sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaklyga döwlet derejesinde aýratyn üns berilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösdürilmeginde statistika maglumatlarynyň örän uly ähmiýeti bardyr.

Şeýle, işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän hem-de döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Saparmuhammet NAZLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok