Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody kir ýuwmak üçin täze sabyn öndürip başlady

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody täze önümi ýagny kir ýuwmak üçin sabyny öndürip başlady. Zawodda täze önümi öndürmek üçin täze ussahana işe girizildi. Täze önüm bolan kir ýuwmak üçin sabynyň eýýäm 9,100 bölegi öndürilip içerki bazarlara çykaryldy. Kir ýuwujy sabynlaryň her biriniň agramy 150 gram bolup durýar.

Bize mälim bolşy ýaly, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody mineral dökünleri, kükürt turşulygyny we başgaça birnäçe zatlary öndürýär. Bu zawod içerki bazaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, öz alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeltmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda bu ýerde täze önümleri öndürmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Belläp geçsek, 2024-nji ýyla çenli zawotda konsentrirlenen fosfor öndürmek üçin täze ussahanany gurmak meýilleşdirilýär.

Ogulşat MUHAMMETGULYÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok