Woleýbol oýnunyň taryhy

Woleýbol oýny ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda döräpdir. Geliok şäheriniň bedenterbiýe kollejiniň mugallymy Wilýam Morgan öz işleýän ýerinde top bilen oýnalýan ýönekeýje bir oýny döretmegi maksat edinipdir. Ol öz iş ýerinde kollejiň ykdysady tarapyny hem nazarda tutup, çykdaýjysy azrak, köp serişde sarp etmezden geçirip boljak top bilen oýnap bolaýjak oýun barada köp pikirlenipdir. Käbir maglumatlarda Amerikanyň ýangyn söndüriji işgärleri 2 sütüniň arasyna ýüp çekip, rezinden ýasalan içgini tarapma-tarap biri-birine oklaşyp oýnapdyrlar hem diýilýär. Ýene bir maglumata görä-de, Wilýam Morgan oýny ýaş telekeçiler üçin tennis toruny 197 sm ýokardan asyp, her tarapda oýunçylaryň sanyny çäksiz edip döredipdir diýip hem aýdylýar. Ilki başda bu oýnuň adyna “mintonet” diýip at berlipdir. 1896-njy ýylda bolsa, “mintonet” oýny Springfilt şäherinde tomaşaçylara görkezilip başlanýar. Oýnuň esasy maksady topy el bilen urup, toruň üstünden geçirmek bolandygy üçin professor Alfred T.Halsted bu oýnuň adyny üýtgedip, “wolleýbol” ýagny, iňlisçeden terjime edilende “uçýan top” diýen ady goýupdyr.  Wagtyň geçmegi bilen Alfred T.Halsted woleýbol oýnamagyň düzgünlerini düzüp ony kämilleşdirip başlapdyr.

Wilýam Morgan woleýbol ýaryşyny geçirmegiň düzgünlerini kesgitläninden soňra, 1896-njy ýylda tomaşaçylaryň öňünde iki topar bolup bu oýny oýnap görkezipdirler. Ilkinji gezek Springfilt şäherinde geçirilen bu ýaryş tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekipdir, munuň özi bolsa Morgana örän ýakymly täsir edipdir. Soňra ol özüni gyzyklandyrýan bu oýnuň düzgünini anyk kesgitlemegi ýola goýupdyr. Woleýbolyň ilkinji düzgüni 1897-nji ýylda Wilýam Morgan tarapyndan girizilipdir.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 1992-nji ýylda XII Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna woleýbol oýnuny hem goşmaly diýen teklip bilen çykyş edipdir. Bu teklipden soň woleýbol oýny dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly giňden ýaýrap başlapdyr hem-de meşhurlygy artyp ugrapdyr. Şeýlelik-de, Ýewropa ýurtlarynda woleýbol oýny boýunça birinjiligi almak ugrundaky duşuşyklar, ýaryşlar hem çekeleşikli ýagdaýda geçirilipdir. 

Atajan HAMRAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok