Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşyk geçirdi.
Geçirilen gepleşikleriň barşynda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça maslahatlar geçirildi.
Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň hem ýokary depginini aýratyn belläp geçdiler. Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy.
Teswirler